HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda serhetaşa jenaýatlar boýunça derňewçiler üçin okuw geçirildi

Maý 24, 2023 | 23:08 |6797
Aşgabatda 22-nji maýdan 24-nji maý aralygynda serhetaşa jenaýatlar boýunça
derňewçiler üçin seminar geçirildi. Bu okuw Merkezi Aziýada Serhet
dolandyryşyna ýardam maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan gurnaldy we
BOMCA 10 tarapyndan Merkezi Aziýada geçirilen bäşinji seminar boldy. Şuňa
meňzeş çäreler öň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda
geçirilipdi.Aşgabatda 22-nji maýdan 24-nji maý aralygynda serhetaşa jenaýatlar boýunça
derňewçiler üçin seminar geçirildi. Bu okuw Merkezi Aziýada Serhet
dolandyryşyna ýardam maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan gurnaldy we
BOMCA 10 tarapyndan Merkezi Aziýada geçirilen bäşinji seminar boldy. Şuňa
meňzeş çäreler öň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda
geçirilipdi.
Çeşme: BOMCA 10 in Turkmenistan

Aşgabatda 22-nji maýdan 24-nji maý aralygynda serhetaşa jenaýatlar boýunça derňewçiler üçin seminar geçirildi. Bu okuw Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna ýardam maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan gurnaldy we BOMCA 10 tarapyndan Merkezi Aziýada geçirilen bäşinji seminar boldy. Şuňa meňzeş çäreler öň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda geçirilipdi.

Gatnaşanlar Ýewropa Bileleşiginiň çemeleşmesi we adam söwdasy hem-de bosgunlaryň bikanun getirilmegi ýaly serhetaşa guramaçylykly jenaýatlary derňemegiň täze usullary bilen tanyşdylar.

Bu seminaryň dowamynda jenaýat aňtaw gullugynyň işgärleri we milli howpsuzlyk, içerki işler, prokuratura, migrasiýa we serhet gullugy derňewçileri serhetaşa jenaýatlar baradaky bilimlerini kämilleşdirdiler.

edited.jpg

Şeýle hem, BMG bilen ÝB-niň adam söwdasyna we migrantlaryň bikanun getirilmegine garşy göreşmek üçin kanuny resminamalary, guramaçylykly serhetaşa jenaýatlary derňemegiň täze usullary, adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemek usullary hem göz öňünde tutuldy.

Baş prokuraturanyň we Litwanyň Içeri işler ministrliginiň we UNODC Merkezi Aziýa sebit bölüminiň hünärmenleri kazyýet işlerini hödürlediler hem-de derňewiň dürli taraplary bilen baglanyşykly ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu gepleşikleriň netijesinde, bosgunlary kanuna garşy getirmek we adam söwdasy boýunça tälimçiler okuw gollanmasynyň işlenip düzülmegine garaşylýar diýip, BOMCA 10 metbugat beýanatynda habar berilýär.

BOMCA Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we ÝB hyzmatdaşlary konsorsiumy we Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş Merkezi tarapyndan amala aşyrylýar. Maksatnamanyň esasy maksady, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmakda durnukly ykdysady ösüşi öňe sürmek arkaly sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmakdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026