Pekiniň Halk mejlisler öýünde Merkezi Aziýanyň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi


Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary çarşenbe güni, 24-nji maýda Pekinde, Halk mejlisler öýünde, Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýokary derejeli işgäri, Syýasy býuronyň agzasy we Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň wagyz bölüminiň başlygy Li Şuleý bilen duşuşdy.
Li Şuleý myhmanlara geçen hepde «Hytaý-Merkezi Aziýa» sammitiniň iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýilnamasyny kesgitländigini, strategiki görkezmeleri berendigini we umumy ykbalyň has ýakyn Hytaý-Merkezi Aziýa jemgyýetini gurmagyň ýoluny düzendigini belledi.
Iki tarapyň habar beriş serişdeleri jebisligi we birek-birege ynamy berkitmegi, siwilizasiýalaryň arasynda alyş-çalyşlaryň we özara okuwy ösdürmegi, Hytaý- Merkezi Aziýa gatnaşyklaryny we sebitiň parahatçylykly ösüşini bilelikde ösdürmegi dowam etdirmelidirler.
Myhmanlar, Hytaýyň habar beriş serişdeleri bilen alyş-çalyşlary giňeltmäge we Sian şäherinde alty döwletiň Baştutanlarynyň taryhy sammiti geçirilenden birnäçe gün soň sişenbe güni, 23-nji maýda Pekinde geçirilen Hytaý-Merkezi Aziýa habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň forumynyň mowzugy bolan bu ugurda amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Agentlikleriň ýolbaşçylary, ilkinji nobatda ykdysady maglumatlary, parahatçylyk başlangyçlary we özara bähbitli taslamalary, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasynda medeni we ynsanperwer gepleşikleri ösdürmek üçin umumy wezipeleriň beýan edilen forumyň netijelerine ýokary baha berdiler.
Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde «MEDIA TÜRKMEN» habarlar agentliginiň baş müdiri, «ORIENT» saýtynyň baş redaktory Bekdurdy Amansaryýew Türkmenistany, Özbegistany, Gazagystany we Hytaýy birleşýän gaz geçirijisine salgylandy. Onuň dördünji şahamçasy Täjigistan bilen Gyrgyzystany hem birleşdirer we bu taslama alty taraply görnüşine çenli giňeldiler.
Sözüniň ahyrynda Amansaryýew, tomusda we güýzde turşy, gyşda bolsa başga miweler ýok wagty ýetişip, adamlara şol wagt aralygynda toplanan ähli süýjüliklerini berýän gyş garalysy hakyndaky Mao Sze-iň goşgularyny ýatlady.
Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar öňem ösýärdi, uly hyzmatdaşlyk taslamalary durmuşa geçirildi, ýöne indi ýurtlaryň gatnaşyklarynda «gyş garalysynyň möwsümi» başlandy. Dünýädäki ykdysady ýagdaý, alty ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegini talap edýär diýip, ol sözüni jemledi.
ORIENT news








