HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awazada Halkara tans we folklor festiwaly geçer

Maý 24, 2023 | 16:58 |9200
Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza-2023» atly Halkara tans we folklor festiwaly geçer. Öňde boljak medeni çäre 13-16-njy iýunda bolar.Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza-2023» atly Halkara tans we folklor festiwaly geçer. Öňde boljak medeni çäre 13-16-njy iýunda bolar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza-2023» atly Halkara tans we folklor festiwaly geçer. Öňde boljak medeni çäre 13-16-njy iýunda bolar.

Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow Rumyniýanyň medeniýet ministri Luçian Romaşkanu bilen duşuşygynyň barşynda aýtdy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Buharestde dowam edýän Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde rumyn tarapynyň öňde boljak medeni çärä gatnaşmagyna gyzyklanma bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar medeniýet babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähmiýetlidigini nygtadylar, ol bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin esas bolup durýar we onuň çäklerinde hem garşylyklaýyn Medeniýet günleri geçirilýär.

Ýatladýarys, Buharestde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Ony geçirmek üçin Rumyniýa düzüminde medeniýet ministrliginiň we onuň pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, sungat ussatlary, meşhur aýdym-saz toparlary bolan uly wekiliýet geldi.

Buharestde we Konstansda geçjek medeniýet Günleriniň maksatnamasynda — halkara maslahaty, sergi, poeziýa agşamy, Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Istärin» filminiň görkezilişi bar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026