HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň gazna biržasy «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça okuwa çagyrýar

Maý 17, 2023 | 12:11 |9086
19-njy maýda Aşgabadyň gazna biržasynyň (AGB) hünärmenlerinden «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça täze okuw kursy başlanýar.19-njy maýda Aşgabadyň gazna biržasynyň (AGB) hünärmenlerinden «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça täze okuw kursy başlanýar.
Çeşme: unsplash.com

19-njy maýda Aşgabadyň gazna biržasynyň (AGB) hünärmenlerinden «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça täze okuw kursy başlanýar.

Sapaklar oňa gatnaşyjylara gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň nähili işleýändigine, onuň maýa goýumçylara we emitentlere maýany köpeltmek we telekeçiligi ösdürmek üçin nähili mümkinçilikleri berýändigine düşünmäge kömek eder.

Sapaklar hepdede iki gezek sagat 18:15 şu salgyda geçiriler: S. Türkmenbaşy şaýoly, jaý 126 («Senagat» bank).

Okatmak üçin 15 adamdan ybarat toparlar dörediler, bu bolsa her bir gatnaşyja gyzyklandyrýan soraglaryny bermäge we tema doly düşünmäge mümkinçilik berer. Diňlejileriň islegleri boýunça sapaklar türkmen we rus dillerinde geçiriler.

Kurslara şu telefonlar arkaly ýazylyp bolýar: 46-86-05; 46-86-27.

Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy – oňa gatnaşyjylaryň işjeňligi üçin gerekli şertleri döretmek arkaly gazna bazarynyň üznüksiz işlemegini üpjün edýän institutlaryň ulgamydyr.

Aşgabadyň gazna biržasy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gymmatbahaly kagyzlaryň milli bazarynyň emele gelmeginiň üstünde işjeň işleýärler. AGB bazaryň gatnaşyjylaryny taýýarlamak we hünärini artdyrmak üçin okuwlary kadaly geçirýär, paýnamalar we korporatiw obligasiýalar ýaly täze maliýe gurallarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026