HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi açyldy

Maý 24, 2023 | 11:18 |11808
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň paýtagtynyň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly 12-nji köpugurly halkara sergisi açyldy.Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň paýtagtynyň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly 12-nji köpugurly halkara sergisi açyldy.
Çeşme: orient.tm

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň paýtagtynyň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly 12-nji köpugurly halkara sergisi açyldy.

Açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen gutlag ýüzlenmesi okaldy. Hususan-da, döwlet baştutanymyz gutlagynda şeýle belleýär:

— Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Her ýyl geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergide hödürlenilýän taslamalaryň aglabasy boýunça bu günki gün şäherimizi bezeýän ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy.

Your browser does not support HTML5 video.

Halkara görkeziliş Aşgabadyň şäher gurluşygy babatyndaky üstünliklerini, şeýle hem türkmen paýtagtyny mundan beýläkde ösdürmegiň mümkinçiliklerini iş ýüzünde görkezýär.

Ekspozisiýada Aşgabadyň keşbi, ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, saglygy goraýyşda, aragatnaşykda, medeniýetde we ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň beýleki ugurlaryndaky gazanylan üstünlikler görkezilendir.

Köpugurly sergi Aşgabadyň ösüşiň dürli ugurlaryndaky üstünliklerini görkezmäge mümkinçilik berer we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar. Sergide importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşlerini giňeldýän ýurdumyzyň telekeçiligine aýratyn üns berlendir.

Serginiň esasy konseptual pikiri – bu şäher gurluşygynyň gazananlary we geljegidir we döwletiň hem işewürligiň, ykdysatçylaryň we programmistleriň, dizaýnerleriň we işçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen çözülýän esasy wezipelerdir.

«Ak şäherim Aşgabat» sergisiniň 25-nji maýa çenli dowam edýändigini belleýäris. Bu ýyl oňa 140-dan gowrak türkmen we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026