Günorta Koreýada Merkezi Aziýaly talyplar üçin innowasion taslama ýola goýuldy


Sişenbe güni Günorta Koreýanyň günbataryndaky Çhunçhon-Hamdo welaýatynyň Sanmun uniwersitetiniň şäherçesindäki halkara mejlisler binasynda "Chungnam-Central Asia innowasion zehinleri ösdürmek boýunça sebitleýin taslama" badalga aldy. Ylalaşyga gol çekişlik dabarasyna ýerli häkimýetler, uniwersitetler we senagat kompaniýalary, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýadan has köp talyp çekmäge gönükdirilen şertnama laýyklykda, Sanmun uniwersitetiniň Koreý dilini öwreniş merkezinde koreý dili we medeniýet bilimleri berler, taslama gatnaşýan ÝOM-ler bolsa ýaşlary Koreýada bolşy ýaly, Merkezi Aziýada hem uly isleg bildirilýän senagat hünärleri boýunça taýýarlarlar – diýip, ýerli KHBS habar berýär. Ýerli kärhanalar talyplary önümçilik tejribesi bilen üpjün ederler.
Uniwersitetler ylmy-barlag esaslardan we enjamlardan bilelikde peýdalanmagy, şeýle-de zehinleri terbiýelemegi we sebit senagatyny ösdürmek, pudak gurluşlaryny dolandyrmak üçin zerur bilimler we tehnologiýalar bilen alyş-çalyşy ýola goýmagy we geljekde daşary ýurtly talyplar üçin global merkezlere öwrülmegi maksat edinýärler.
ORIENT news








