«Sinhua» Merkezi Aziýa habarlar agentliklerini ykdysady maglumat alyş- çalyş hyzmatdaşlygyna çagyrýar


Merkezi Aziýa ýurtlary üçin «Döwrebaplaşdyrylan güýje barýan ýoluň ösüş kody - döwrüň häsiýetli aýratynlyklary we Si Szinpiniň ykdysadyýet baradaky pikirleriniň amaly gymmaty» çykyşynyň tanyşdyrylyşy, «Hytaý-MA» habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Forumynyň çäginde sişenbe güni, 23-nji maýda Pekinde geçirildi.

Hytaýyň döwrebaplaşdyryş düşünjesi baradaky hasabat, Sinhua habarlar agentliginiň baş redaktory Lýuý Ýansun tarapyndan Türkmenistanly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Täjigistanly we Özbegistanly kärdeşlerine hödürlendi.
«Hytaý-Merkezi Aziýa» sammitinde Prezident Si Szinpin Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen döwrebaplaşdyryş düşünjelerinde we tejribelerinde alyş-çalyşlary güýçlendirmäge we alty ýurduň ösüş strategiýalaryny birleşdirmäge taýýardygyny belledi. Edilen çykyş, «Sinhua» habarlarlar agentliginiň Si Szinpiniň dünýädäki ykdysadyýet baradaky pikirlerini filosofiki, strategiki, taktiki ölçegler we global nukdaýnazardan ýaýratmak ugrundaky tagallalarynyň möhüm netijelerinden biridir.

Çykyşdan soň hasabatyň wideo görnüşi görkezildi we soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary bellikleri bilen çykyş etdiler.
– Hytaýyň lideriniň ykdysadyýet baradaky pikirleriniň hytaý halkynyň gadymy medeniýetine esaslanýan berk binýadynyň bardygy bellärliklidir. Şonuň üçin bu öwredişiň halk pelsepesi we paýhasy bilen doludygy geň däldir, - diýip «MEDIA TÜRKMEN» habarlar agentliginiň baş müdiri, «ORIENT» saýtynyň baş redaktory Bekdurdy Amansaryýew aýtdy.
– Hytaýyň baştutanynyň ykdysady pikirleri, häzirki global ösüş baradaky zerurlyklara aýdyň jogap berýär, - diýip ol dowam etdi. – Aslynda, bu pikirler diňe bir hytaý halkynyň däl, eýsem tutuş adamzadyň ösüş ýollaryny ykdysady taýdan gülläp ösmek baýdagy astynda birleşdirmek üçin ylmy esaslandyran gözlegdir.

Soňky onýyllyklarda ykdysady gudratlary we çalt ösüşi görkezen Hytaý Halk Respublikasynyň tejribesi, diňe bir ünsli we sylaşykly gatnaşyga däl, eýsem hemmetaraplaýyn we düýpli öwrenilmäge hem mynasypdyr.
Çykyş çuňlugy we jikme-jik oýlanyşygy bilen täsir galdyrýar. Sinhua habarlar agentliginiň baş redaktory jenap Lýuý Ýansunyň filosofiki, şeýle hem global ösüş nukdaýnazaryndan strategiki ugurda belleýşi ýaly, edilen çykyşda Si Szinpiniň ykdysady taglymlarynyň mazmuny we ruhy bölegi aýdyň düşündirilýär.
Şol bir wagtyň özünde, HHR-iň täze bir güýçli ýagdaýa öwrülmegine güýçli itergi berýän taglymat bolan bu pikirlere has çuňňur düşünmek üçin onuň häzirki, aňsat bolmadyk, döwrebäp dünýäde ýüze çykan şertlerde öňe gidýän ösüşine elýeterli düşündiriş berilýär diýip, Amansaryýew nygtady.

«Hytaý-Merkezi Aziýa» habarlarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň forumy Hytaý, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan döwlet Baştutanlarynyň taryhy sammitinden birnäçe gün soň, 23-nji maýda Pekinde geçirildi.
Forumyň çäginde Merkezi Aziýa agentlikleriniň ýolbaşçylary «Guşaklar we ýollar» çäginde Ykdysady maglumatlary alyş-çalyş hyzmatdaşlygy bilen hem tanyşdylar. Şeýle hem myhmanlar Sinhua agentliginiň «New Cube» intellektual ýaýlym studiýasyna baryp, redaktorlary we žurnalistleri bilen söhbetdeş boldular.

ORIENT news








