ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy saklamakdaky tagallalaryna ýokary baha berdi


ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Linn Treýsi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda edýän tagallalaryna ýokary baha berdi. Bu barada ol Türkmenistanyň RF-daky diplomatik wekilhanasynyň baştutany Batyr Nyýazlyýew bilen duşuşygynda aýtdy.
Aşgabadyň we Waşingtonyň ikitaraplaýyn hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşini belläp, diplomatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary diýlip parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, täze howplara we meselelere garşy göreş, bütindünýä ulag we energetika gün tertibiniň öňe sürülmegi aýdyldy.
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
ORIENT habarlar








