BMGniň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy Türkmenistanyň BMG-nyň maksatnamasy boýunça Aral deňzi üçin öňe süren rezolýusiýasyny kabul etdi


BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) Bangkokda (Taýland) geçirilen 79-njy mejlisinde Türkmenistanyň BMG-nyň maksatnamasy boýunça Aral deňzi üçin öňe süren "Aral deňziniň basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine garamak" rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy Türkmenistan bilen birlikde bu halkara resminama Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Hytaýyň, Singapuryň, Türkiýäniň we Fillipinleriň awtorlyk edendigini habar berýär.
Bu ESCAP-yň çäginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen ilkinji karardyr. Ol 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşyda geçirilen Aral deňzini halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçylarynyň sammitiniň, şeýle hem Aral deňziniň basseýni üçin BMG-nyň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek boýunça halkara geňeşmeleriniň netijelerini öz içine alýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, Aral deňzi boýunça ESCAP rezolýusiýasynyň kabul edilmegi Aral deňzi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli çözmäge gönükdirilen ýörite mehanizmi döretmek üçin möhüm ädimdir.
ORIENT news








