Mary şäheri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumynyň geçiriljek ýerine öwrüler


Noýabr aýynda Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumy geçiriler. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 18-nji maýda Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” ilkinji sammitinde öňe sürüldi.
Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa we Hytaý halklarynyň dünýä görnükli alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary berendigini we bu ýurtlaryň halklarynyň iň baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleridigini aýtdy. Bu gyzyklanmany höweslendirmeli we yzygiderli esasda giň medeni we ylmy alyş-çalyşlaryň ösmegine işjeň itergi bermeli.
Serdar Berdimuhamedow: "Biz şeýle hem, gumanitar ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajyplygyndan ugur alyp, ýurtlarymyzyň arasynda ylmy we bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdarydyrys" - diýdi.
ORIENT news








