Sianda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň duşuşygy geçirildi


“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaýyň Sian şäherine iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
HHR-iň lideri Türkmenistanyň Prezidentini mähirli garşylap, kärdeşiniň şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa eden üstünlikli döwlet saparyna ünsi çekdi. Şol saparyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekildi.
Si Szinpin: “2023-nji ýyl Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 20-nji Ählihytaý gurultaýynda kesgitlenen esasy ýörelgeleriň doly durmuşa geçirilen ilkinji ýyly bolar” - diýdi. Ol ýakynda Türkmenistanda parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Türkmen döwleti Prezident Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär.
Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen 31 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň mümkinçilikleri we uly geljegi bar. Hytaý iki halkyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmek üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýar – diýip, Hytaýyň Habarlar gullugy Si Szinpiniň sözlerini getirýär.
ORIENT news








