Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG Bütindünýä durnukly ulag gününi döretdi


Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji global konferensiýanyň geçirilýän güni – 2016-njy ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi. Bu günüň yglan edilmegi baradaky rezolýusiýa, BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.
Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili, ilçi Aksoltan Ataýewa «Bütindünýä durnukly ulag güni» rezolýusiýasy bilen tanyşdyranda, rezolýusiýanyň iş böleginiň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň başlygy tarapyndan BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça bölümi bilen hyzmatdaşlykda, durnukly ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça BA-nyň ýokary derejeli ýygnagynyň 78-nji mejlisinde geçirilmegini göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Ataýewa, durnukly ulag üçin durnukly gelejek üçin möhümdigini, 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginde esasy orun tutýandygyny aýtdy.
Şeýle hem, Bütindünýä durnukly ulag gününiň durnukly daşamagyň we hereketiň peýdalary barada habardarlygy ýokarlandyrmaga, az zyňyndy ulag usullaryny ösdürmäge, alternatiw ýangyç we energotygşytlaýjy ulaglary ulanmaga, sebit we global derejede aragatnaşygy berkitmäge mümkinçilik berjekdigi, şeýle hem global ulag ulgamynyň durnuklylygyna we ygtybarlylygyna ýetmegiň ýolunda öňdebaryjy tejribäniň we çözülmedik meseleleriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli garalmagynda möhüm orun tutýandygy bellenildi.
BMG-nyň Baş Assambleýasynyň geçirilmeli ýokary derejeli ýygnagy, 2030-njy ýyldaky gün tertibinde, Pariž ylalaşygynda, şäherleri ösdürmegiň täze maksatnamasyna we ýokary derejeli Global ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça ýygnagyň syýasy jarnamasynda kesgitlenen ulag pudagyndaky maksatlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam eder diýip, Türkmenistanyň BMG- daky hemişelik wekiliniň habarynda aýdylýar.
Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky rezolýusiýa 67 döwletiň gatnaşmagynda ylalaşyk esasynda kabul edildi.
ORIENT news








