Türkmenistan BMG-niň BA-nyň MA-da parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk Zolagy boýunça çekişmelerinde wekilçilik etdi


16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan başlangyç berlen gün tertibiniň 61-nji bendi «Merkezi Aziýada parahatçylygyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň zolagy» boýunça çekişmeleri boldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş assambleýasynyň wise-başlyklygy hökmünde geçiren çekişmeleriniň barşynda guramanyň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleriniň wekilleri çykyş etdiler. Öz çykyşlarynda olar howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ýaly möhüm meselelere degip geçdiler. Bu jähtde sebitiň öňünde duran howpsuzlygyň häzirki meseleleri we olara garşy göreşmekde sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary bellenildi.
Ýokary münberden çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanydaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa dünýäniň beýleki böleklerindäki zolaklara meňzeş hukuk fenomi hökmünde, hususan-da — Günorta Atlantikadaky we Hindi okeanyndaky ýaly, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň Zolagyny mundan beýläkde ösdürmekligiň zerurdygy barada beýan etdi.
Merkezi Aziýada parahatçylygyň zolagynyň emele getirilmegi sebitiň ýurtlary tarapyndan goýlan köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň institusional we hukuk esasy, sebitiň ýurtlarynyň ýokary döwlet derejesinde hyzmatdaşlyk mehanizmi, hususan-da, sebitiň döwlet baştutanlarynyň kadaly konsultatiw duşuşyklary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy, ýaşlar üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasy we beýleki meýdançalar sebäpli mümkin boldy.
ORIENT habarlar








