Kazan KazanForuma gelýän myhmanlaryň sany boýunça rekordlary goýýar


Kazan 18-nji maýda başlajak «Russiýa-yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gelýän myhmanlaryň sany boýunça rekordlary goýdy. «Sport we sosial taslamalaryň direksiýasynyň» baş direktory Maksim Denisowyň aýtmagyna görä, Tatarystanyň paýtagtynyň myhmanhanalarynyň otag gaznasy çäräniň geçirilýän günlerinde aşa doludyr.
«Häzir bizde forumyň geçirilýän senelerinde oteliň ýer gaznasy aşa doludyr. Bu begendirmän duranok, bu forumyň gyzyklydygyny, foruma gelýändiklerini aňladýar, forum biziň respublikamyzyň we şäherimiziň dostlary, myhmanlary, hyzmatdaşlary çekýän merkezidir» - diýip, ol belledi.
Ol şeýle hem forumda howpsuzlyk çärleriniň görülmedik derejede berjaý ediljekdigini sözüniň üstüne goşdy. Kazanyň we Moskwanyň 14 nokadynda PSR-test nokatlary açylar.
Ozal TR-nyň maýa goýum ösüş agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina iň uly wekiliýetleriň (100-den gowrak adam) Azerbaýjandan, Eýrandan, Malaýziýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Özbegistandan garaşylýandygyny habar beripdi.
Türkmen wekiliýeti hem foruma wekilçilik eder; oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew baştutanlyk eder.
ORIENT habarlar








