ÝAÖB Merkezi Aziýada yslam maliýeleşdirmesini ösdürer


Yslam ösüş bankynyň toparynyň Her ýylky geçirilýän duşuşygynyň meýdançasynda Ýewraziýanyň ösüş bankynyň (ÝAÖB) wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynda yslam maliýeleşdirmesiniň ýokary mümkinçiligini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, sebitde bu ugruň ösmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek niýeti barada beýan edildi.
«ÝAÖB yslam maliýesiniň senagatyny ösdürmäge gönükdirilendir we bankyň gurluşynda yslam maliýeleşdirmesiniň ýörite bölümini açýar. Bu Merkei Aziýada yslam maliýeleşdirmesiniň gurallaryna islegiň artmagy bilen şertlendirilendir» - diýip, ÝAÖB-nyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Podguzow aýtdy.
Duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda – Merkezi Aziýa sebiti üçin ykdysady meseleleriň çözgüdini gözlemek maksady bilen, möhüm meseleler boýunça bilelikdäki ykdysady barlaglary geçirmek mümkinçiligi bardyr.
«Biziň mundan beýläkki hyzmatdaşlygymyz hem aýratyn taslamalaryň çäklerinde, hem strategik meýilnamada sebitiň ykdysady abadançylygyny ýokarlandyrmak ýolunda sinergetiki netijäni berer» - diýip, ÝAÖB-nyň baştutany sözüni jemledi.
ORIENT habarlar








