HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň hünärmenleri Sankt-Peterburgda hünärini kämilleşdirýärler

Maý 17, 2023 | 16:58 |8124
Russiýanyň gämi gatnawy deňiz registri (РМРС) Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň hünärmenleri üçin Sankt-Peterburgda hünäri kämilleşdiriş kursuny gurnady.Russiýanyň gämi gatnawy deňiz registri (РМРС) Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň hünärmenleri üçin Sankt-Peterburgda hünäri kämilleşdiriş kursuny gurnady.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Russiýanyň gämi gatnawy deňiz registri (РМРС) Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň hünärmenleri üçin Sankt-Peterburgda hünäri kämilleşdiriş kursuny gurnady.

Okuw taraplaryň arasynda ozal gol çekilen gämileriň barlagyny geçirmek boýunça hyzmatlar üçin ygtyýarlyklary bermek we söwda deňiz ýüzüşine degişli halkara şertnamalarynyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirmek baradaky Ylalaşyk tarapyndan göz öňünde tutulandyr.

Intensiw we jikme-jik kurs tejribe alyşmaga we deňiz ýüzüşiniň gözegçiligi we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hünärmenleriň hünärini kämilleşdirmäge ýardam etmäge niýetlenendir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan deňiz söwda gämi gatnawy boýunça, şeýle hem gämileriň taslamasyny taýýarlamak we gurmak babatynda Russiýa Federasiýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Russiýanyň gämi gatnawy deňiz registri — dünýä belli öňdebaryjy klassifikasiýa jemgyýetdir, ol deňizde we içerki suw ýollarynda ýolagçylary we ýükleri daşamakda howpsuzlyk ölçeglerini ýokarlandyrmak, şeýle hem daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirlen çäreleri işläp düzmek bilen meşgullanýar.

Mundan beýläk-de Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň deňiz ulagy babatynda hünärmenleri taýýarlamakda we hünärini kämilleşdirmekde РМРС bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026