HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi Bakuda GH simpoziumyna gatnaşdy

Maý 17, 2023 | 16:29 |8312
Türkmen bilermenleri 16-njy maýda Bakuda geçen «Üýtgeýän we çylşyrymly bütindünýä kontekstinde Goşulyşmazlyk hereketi»  halkara simpoziumyna gatnaşdylar. Forum Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, halkara gatnaşyklaryny Seljerme Merkezi we LINKS Europe bilen bilelikde gurnaldy we GH-niň onlarça ýurdunyň wekillerini ýygnady.Türkmen bilermenleri 16-njy maýda Bakuda geçen «Üýtgeýän we çylşyrymly bütindünýä kontekstinde Goşulyşmazlyk hereketi»  halkara simpoziumyna gatnaşdylar. Forum Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, halkara gatnaşyklaryny Seljerme Merkezi we LINKS Europe bilen bilelikde gurnaldy we GH-niň onlarça ýurdunyň wekillerini ýygnady.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nyň SBM

Türkmen bilermenleri 16-njy maýda Bakuda geçen «Üýtgeýän we çylşyrymly bütindünýä kontekstinde Goşulyşmazlyk hereketi» halkara simpoziumyna gatnaşdylar. Forum Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, halkara gatnaşyklaryny Seljerme Merkezi we LINKS Europe bilen bilelikde gurnaldy we GH-niň onlarça ýurdunyň wekillerini ýygnady.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew simpoziumda çykyş etmek bilen, Goşylyşmazlyk hereketiniň ýurtlarynyň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini almakdaky ornuny aýratyn belledi.

Центр стратегических исследований Туркменистана принял участие в симпозиуме ДН в Баку

1995-nji ýylda bitaraplyk derejesi biziň döwletimize BMG-niň Baş Assambleýasynyň adyndan berilmeginden ozal Türkmenistanyň bitaraplyga ymtylmagy Kolumbiýanyň Kartahen şäherinde geçirilen sammitde Hereketiň ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldaw alypdy.

Türkmen bitaraplygynyň çärýek asyrlyk ýubileýiniň öňüsyrasynda çykyş etmek bilen, Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow biziň Türkmenistanyň bitaraplygyny almakda goşulyşmadyk ýurtlaryň ähmiýetini hiç haçan ýatdan çykarmajakdygyny we hemişe minnetdarlyk bilen nygtajakdygymyzy we bitaraplygyň ýörelgeleriniň Goşylyşmazlyk hereketi bilen bile ýaňlanýandygyny beýan edipdi.

Центр стратегических исследований Туркменистана принял участие в симпозиуме ДН в Баку

«Goşulyşmadyk ýurtlaryň daşary syýasat ugrunyň esaslary harby-syýasy bloklara gatnaşmakdan ýüz döndermek we garaşsyzlyk we deňhukuklyk ýörelgelerine esalanýan halklaryň parahatçylykly ýaşamagydyr» – diýip, Şiriýew nygtady.

Ol şeýle hem GH-niň ýurtlarynda biziň planetamyzyň ilatynyň 55%-e golaýynyň ýaşaýandygyny, olarda nebitiň gorunyň 75%-den gowragynyň we dünýäniň gaz ätiýaçlyklarynyň 50%-den gowragynyň jemlenendigini hem belläp geçdi.

«Bitarap Türkmenistan, edil Goşylyşmazlyk hereketi ýaly dawaly ýagdaýlaryň syýasy-diplomatik, gepleşikler usuly we serişdeleri arkaly çözülmegi üçin çykyş edýär» – diýip, Şiriýew aýtdy, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara gepleşikler meýdançasyna howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk babatynda birnäçe öndürijilikli pikirleri we amaly maslahatlary çykarandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Центр стратегических исследований Туркменистана принял участие в симпозиуме ДН в Баку

Ol 2018-nji ýylda Baku şäherinde Goşylyşmazlyk hereketiniň «Durnukly ösüşiň hatyrasy üçin halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny höweslendirmek» atly Ministrler maslahatynyň geçirilendigini ýatlatdy, onuň işine dünýäniň 120 ýurdunyň wekili, şol sanda Türkmenistanyň hem wekili gatnaşypdy.

GH-niň Ministrler maslahaty tamamlanandan soňra jemleýji jarnama kabul edilipdi, onda Türkmenistanyň owgan ykdysadyýetiniň ulag we energetika babatynda iri gerimli taslamalary ýerine ýetirmegine degişli başlangyçlary beýan edilipdi.

Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialogy pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-jy ýylyň oktýabrynda Bakuda geçen Goşylyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmagy boldy.

Центр стратегических исследований Туркменистана принял участие в симпозиуме ДН в Баку

Türkmenistanyň Goşylyşmazlyk hereketi bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň anyk we işjeň häsiýete eýedigine başga-da kän mysallary getirmek bolar, bu bolsa ilkinji nobatda goşylyşmazlyk ýörelgeleriniň we bitaraplyk syýasatynyň umumylygy bilen şertlendirilýär.

Biziň pikirimize görä, şeýle hyzmatdaşlyk dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamagyň hatyrasyna ösüşe tarap ýykgyn eder.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026