Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm badalga aldy


17-nji maýda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek saýlawlarynyň öň ýanyndaky möwsüm başlanýar. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde yglan edildi.
Syýasy partiýalaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri – milli synçylaryň gatnaşmagynda geçirilen Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisiniň barşynda saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy, saýlaw toparlary üçin gollanmalar tassyklanyldy.
Şeýle-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň guramaçylyk işine degişli meselelere garaldy.
Orient Milli parlamentiň 23nji martda çykaran kararyna laýyklykda, türkmen paýtagtynyň golaýynda gurlan Arkadag şäheriniň döwlet ähmiýetli şäher hökmünde aýratyn hukuk derejesesine eýe bolandygy barada habar beripdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi Arkadag şäheriniň düzüminde goşunda laýyklykda Kärizek we Gorjaw etraplaryny döretmek hakynda resminamalary kabul etdi.
ORIENT news








