Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň parlamentiniň agzalary Aşgabatdaky dialogda bitaraplyk üçin çykyş etdiler


Sişenbe güni Aşgabat şäherinde «Bitarap döwletleriň ÝHHG-nyň sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde tutýan orny» atly halkara forum geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Mejlisi we Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň Assambleýasy (ÝHHG-nyň PA) tarapyndan «Herekete çagyryş – Helsinki +50» başlangyjynyň çäginde gurnaldy.

Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-nyň başlygy Margareta Sederfelt, ÝHHG-nyň PA- nyň agzalary, belli halkara bilermenleri foruma gatnaşmak üçin Türkmen paýtagtyna geldiler. Forumda Merkezi Aziýa, Gündogar we Günbatar Ýewropa sebitinden parlamentarileri, ýurdumyzda akkreditlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny, ylmy jemgyýetiň wekillerini we ýaş talyplary ýygnandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa açylyş dabarasynda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasynda berkidilen parahatçylygyň kepili hökmünde kabul edilen dilaogyň möhümdigini belledi.

ÝHHG-nyň PA-nyň başlygy Margareta Sederfelt, adamlar bilen ýurtlaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary berkitmäge kömek edýän, çylşyrymly meseleleri bilelikde çözmäge we özara peýdaly çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýän bitarap döwletleriň möhüm ornuny nygtady.

Ilçi Jon MakGregor ÝHHG sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti barada aýtdy. Ol gatnaşyjy döwletler tarapyndan ulanmak üçin bar bolan ÝHHG-niň mehanizmlerine we gurallaryna ünsi çekdi.
Forumyň iki bölüminde gatnaşyjylar umumy ýörelgeleri we bitaraplygyň dürli modellerini, gepleşikleriň ösmegi we ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy ösüşiň gazanylmagy üçin ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň Senatynyň başlygynyň orunbasary Askar Şakirow ÝHHG-nyň 57 döwleti birleşdirmekde ýerine ýetirýän wezipesine we halkara howpsuzlygyna goşýan goşandyna ünsi çekdi. Deputat Mirgul Temirbaýewa ÝHHG-nyň gurallarynyň dialogy ösdürmekde tutýan ornuna ünsi çekip, Gyrgyzystanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we integrasiýany ösdürmekdigini aýtdy.

Açyk çekişmäniň dowamynda gatnaşyjylar sebitdäki howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde bitarap döwletleriň ornuna, araçy hökmünde mümkinçiligin ünsi jemlediler.

Geosyýasy kynçylyklary göz öňünde tutup, Täjigistanyň mejlisiniň orunbasary Muhammet Şodiýon sebit ýurtlarynyň arasynda has ýakyn konstruktiw gepleşikleriň zerurdygyny belledi. Özbegistanyň mejlisiniň agzasy Rawşanbek Alimow öz çykyşynda parlament diplomatiýasynyň mehanizmlerine ünsi jemledi we ÝHHG-nyň PA-ny syýasy gepleşikler üçin iň möhüm gurluşlaryň biri hökmünde belläp geçdi.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň goldawy bilen guralan çäräniň jemleýji mejlisinde ÝHHG-nyň PA-nyň ýokary derejeli hünärmeni, ilçi Lamberto Zannier (Italiýanyň diplomaty, 2011-2017-nji ýyllarda ÝHHG-nyň Baş sekretary) Merkezi Aziýa wekiliýetini ÝHHG-nyň PA forumlaryny ulanyp sebit derejesinde konstruktiw dialogy saklamaga çagyrdy.
ORIENT news








