HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýinde Köpetdag goýunlarynyň sany köpeldi

Maý 17, 2023 | 00:30 |14100
Täze doglan guzylar paýtagt haýwanat bagynyň "ýaşaýjylarynyň" üstüni doldy. Bu baharda dag goýnunyň 9 guzusy dünýä indi.Täze doglan guzylar paýtagt haýwanat bagynyň "ýaşaýjylarynyň" üstüni doldy. Bu baharda dag goýnunyň 9 guzusy dünýä indi.
Çeşme: turkmenistaninfo.gov.tm

Täze doglan guzylar paýtagt haýwanat bagynyň "ýaşaýjylarynyň" üstüni doldy. Bu baharda dag goýnunyň 9 guzusy dünýä indi.

IMG_20230517_000421.jpg

Häzirki wagtda Janly tebigatyň milli muzeýinde bu haýwanlaryň 13-si saklanýar. Olaryň 12-si urkaçy, 1-i goç. Köpetdag goýunlary aprel aýynyň başyndan maý aýynyň başyna çenli köpelýär. Olar, köplenç, ekiz guzlaýarlar. Bu ýyl 9 guzy dünýä indi we olaryň 4-si ekiz.

IMG_20230517_000721.jpg

Dag goçy Merkezi Aziýa sebitinde ýaşaýar - olara Türkmenistanyň çäginde - Kopetdagyň, Balkan daglarynyň, Koýtendagyň gerişlerinde, Gazagystanda, Özbegistanda, Owganystanda, şeýle hem Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda duş gelmek bolýar.

3-1.jpg

Köpetdag goçy goşatoýnaklylara degişlidir we uly şahlary bilen meşhurdyr. Ol garry goçlarda uzynlygy 151 sm-e, düýbündäki kemerlerden - 55 sm-e, agramy hem 22 kg çenli ululykda gabat gelýär. Dag goçy, takmynan 16 ýyl ýaşaýar – diýip, turkmenistaninfo.gov.tm. neşiri habar berýär.

IMG_20230517_000804.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026