Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi


Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki karary bilen goldanylýan hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasat hyzmatdaşlygynda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerine, şol sanda ÝHHG-nyň PA-nyň çäklerinde gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Türkmenistan häzirki döwürde parlamentara gepleşikleriň döwletler bilen halklaryň arasynda konstruktiw hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi we ynamy ösdürmek üçin iň möhüm gurallaryň biridiginden ugur alýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-nyň PA-nyň howandarlygynda geçirilýän mejlislere, seminarlara we beýleki çärelere gatnaşýar.
Bu nukdaýnazardan ykdysady ösüşiň we durnukly halkara energiýa üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak we suwy tygşytly peýdalanmak babatynda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle-de adam hukuklaryny goramak, demokratik institutlary we kanunyň hökmürowanlygyny berkitmek ugrunda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň zerurlygy bellenildi.
ORIENT news








