Sinhua: Hytaý-Merkezi Aziýa sammiti – hyzmatdaşlygyň täze döwri


Sian, Hytaý-Merkezi Aziýa sammitine garaşýar. Başlamagyna sanlyja günler galdy. Sinhua habarlar agentligi Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň gatnaşmagynda geçiriljek ýokary derejeli forum barada gürrüň berýär.
Sammit 18-19-njy maýda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň paýtagty Sian şäherinde geçiriler. Bu ýere Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ýygnanar. Duşuşyk ýerininiň saýlanmagy tötänleýin däl:. Sian takmynan 3100 ýyl ozal döredilen taryhy şäher bolup, hut şu gadymy topraklar Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar asyrlar boýy gülläp ösen ugruň – Beýik Ýüpek ýolunyň düýbüni tutupdyr.
Häzirki wagtda şäheriň ynamly we inklýuziw medeniýeti hemmeleriň gyzyklanmasyny ýene bir gezek özüne çekip, halkara kino festiwallaryny hem-de ady bir «Ýüpek ýoly» sergisiniň geçirilýän baý platforma öwrüldi. Indi bu abraýly sanawy geçirilmeli Hytaý-Merkezi Aziýa sammiti doldurar.
Bu sammit Hytaýyň şu ýyl geçirýän ilkinji uly diplomatik çäresi. Bu waka Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde taryhy tapgyrdyr. Gatnaşyjylar sammitiň Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky strategiki özara ynamy has-da güýçlendirer diýip garaşýarlar.
Duşuşykda döwlet Baştutanlarynyň Hytaý-Merkezi Aziýa gatnaşyklarynyň ösmegine täsir edýän dürli meselelere garamagyna hem-de halkara we sebit tekizliginde netijeli hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini döretmek barada pikir alyşmagyna garaşylýar. Prezidentler möhüm syýasy resminamalara hem gol çekerler.
Bu ähmiýetli duşuşyk, «Guşak we ýol» çäginde ýokary hilli hyzmatdaşlyga täze itergi berer. Sebäbi bu başlangyjy ilkinji bolup goldan Merkezi Aziýa ýurtlarydy. Ähli taraplaryň bilelikdäki tagallalary bilen Hytaý – Merkezi Aziýa gatnaşyklary üçin täze meýilnama düzer we hyzmatdaşlygyň täze döwrüni açar diýip, Sinhua-nyň habarynda aýdylýar.
ORIENT news








