Germaniýanyň Goetzpartners kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi


Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Goetzpartners kompaniýasynyň (Mýunhen, Germaniýa) ýolbaşçylary kabul edildi. Ýewropanyň öňdebaryjy maslahat beriş kompaniýalarynyň biriniň wekiliýeti bilen gepleşikleri Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, ykdysady we maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň köp sanly möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, birnäçe geljegi uly bilelikdäki taslamalara garadylar. Bu barada Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Goetzpartners, dünýäniň dürli pudaklarynda dolandyryş we maliýe maslahat berişiň ähli möhüm ugurlarynda hyzmatlary hödürleýär.
ORIENT news








