HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Si Hytaýyň Nebit uniwersitetinde okaýan Merkezi Aziýaly talyplaryň hatyna jogap berdi

Maý 16, 2023 | 21:25 |10494
Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okaýan Merkezi Aziýaly talyplar Hytaýyň
prezidenti Si Szinpine hat ýazdylar. CGTN habarlar agentliginiň berýän habaryna görä,
hatyň esasy awtory türkmenistanly talyp Rahman Baýramdurdyýew bolup, onuň adyna
Hytaýyň liderinden hatyň jogaby gelip gowuşýar.Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okaýan Merkezi Aziýaly talyplar Hytaýyň
prezidenti Si Szinpine hat ýazdylar. CGTN habarlar agentliginiň berýän habaryna görä,
hatyň esasy awtory türkmenistanly talyp Rahman Baýramdurdyýew bolup, onuň adyna
Hytaýyň liderinden hatyň jogaby gelip gowuşýar.
Çeşme: CGTN

Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin) okaýan Merkezi Aziýaly talyplar Hytaýyň prezidenti Si Szinpine hat ýazdylar. CGTN habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, hatyň esasy awtory türkmenistanly talyp Rahman Baýramdurdyýew bolup, onuň adyna Hytaýyň liderinden hatyň jogaby gelip gowuşýar.

imgpsh_fullsize_anim (2).jpg

“Prezident Si ýaşlary Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine has köp goşant goşmaga çagyrdy. Hytaýyň uniwersitetlerinde okaýan bu ýurtlardan gelen talyplar Hytaý-Merkezi Aziýa gatnaşyklarynyň diňe bir şaýatlary bolman, eýsem olar şeýle gatnaşyklary gurýanlaryň we bu barada gürrüň berýänleriň hataryna girýärler. Si ýaşlaryň sebitde dostlugyň ilçisi bolup biljekdigini aýtdy" - diýip, hatyň mazmuny barada Rahman Baýramdurdyýew gürrüň berdi.

imgpsh_fullsize_anim (1).jpg

Türkmen talyby Pekinde Hytaýyň Nebit uniwersitetinde doktorlyk programmasy boýunça okaýar, ol Merkezi Aziýa sebitinden Hytaýyň uniwersitetlerinde talyp haklary taslamalary boýunça bilim alýan köp sanly talyplaryň biridir.

CGTN Prezident Si Szinpinden gelen jogap hatynyň uniwersitetiň talyplarynyň we mugallymlarynyň ahlak ruhuny we ynamyny ýokarlandyrandygy we olaryň Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda energiýa, maliýe, söwda, medeniýet we ylym ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin jebisleşmegine itergi berendigi barada habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026