Nokia 2030-njy ýyla çenli öz edaralarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine doly geçer


Finleriň telekommunikasion enjamlaryny öndüriji Nokia kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz ofislerinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine doly geçmekligi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Demetrio Russo Bakuwda açylan GSMA M360 EURASIA 2023 Halkara maslahatynda mälim etdi.
«Häzirki wagtda ulag pudagy atmosferany has köp hapalaýan ugur hasaplanýar. Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy, sanlylaşdyrmak we innowasiýalar zyýanly galyndylaryň taşlanmagyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär» - diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
GSMA M360 EURASIA 2023 maslahaty Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň goldaw bermeginde we Azercell kompaniýasynyň baş hemaýatkärliginde gurnaldy. Ol esasy pudaklaýyn ugurlara degişli dürli temalary, şol sanda täze nesliň tehnologiýalaryny, sanlylaşdyrmagy, emeli intellekti we sanly serwisleriň eýeleýän ähmiýetli ornuny gurşap alýar.
ORIENT habarlar








