HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-dan dünýäniň ähli döwletlerine aýlanyp çykan syýahatçy Türkmenistany iň gyzykly ýurt diýip atlandyrdy

Maý 16, 2023 | 17:05 |83202
Amerikaly Rendi Williams BMG tarapyndan ykrar edilen ähli 193 ýurda aýlanyp çykyp, bütindünýä gezelenjini tamamlady. Jahankeşde üçin syýahatyň soňky nokady Türkmenistan boldy.Amerikaly Rendi Williams BMG tarapyndan ykrar edilen ähli 193 ýurda aýlanyp çykyp, bütindünýä gezelenjini tamamlady. Jahankeşde üçin syýahatyň soňky nokady Türkmenistan boldy.
Çeşme: instagram.com/rdub

Amerikaly Rendi Williams BMG tarapyndan ykrar edilen ähli 193 ýurda aýlanyp çykyp, bütindünýä gezelenjini tamamlady. Jahankeşde üçin syýahatyň soňky nokady Türkmenistan boldy.

«192 ýurdy göremsoň, men ähli ýeri gördüm we ähli zady duýdum diýip pikir etdim. Türkmenistan — iň gyzykly we ajaýyp ýurt. Türkmenistany bilmek — Türkmenistany söýmek diýmekdir. Men muny duýandygyma şat» – diýip, Rendi özüniň Instagramdaky sahypasynda ýazdy.

ABŞ-dan gelen myhman diňe bir türkmen paýtagtyna däl, eýsem ýurduň welaýatlarynda hem bolup gördi, ol ýerde ýerli ilatyň durmuşy we Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdy.

«Bu ýurduň esasy gymmatlygy – bu onuň adamlarydyr. Olar bilen aýrylyşmak gussaly bolar» – diýip, ol boýun aldy.

Rendi William «Sunday Night» radioşou ýaýlymynda işleýär we köp ýyllardan bäri dünýä ýurtlary boýunça syýahat edýär. Ol iki kitabyň awtory bolmak bilen, dürli baýraklara mynasyp bolan doly metražly filmiň hem režissýorydyr. Rendi şeýle hem dürli seriallarda epizodik keşplerde oýnady.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026