HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň sebit bölüminiň başlygy bilen duşuşdy

Maý 15, 2023 | 23:13 |14260
«Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärçilikli we yzygiderli
çemeleşýäris», - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni
Tährandaky ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň başlygy, ÝUNESKO-nyň
Türkmenistanda we Eýranda wekili Golda El-Huri bilen bolan duşuşygynda aýtdy.
Şeýle hem myhman BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek islegini belläp geçdi.«Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärçilikli we yzygiderli
çemeleşýäris», - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni
Tährandaky ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň başlygy, ÝUNESKO-nyň
Türkmenistanda we Eýranda wekili Golda El-Huri bilen bolan duşuşygynda aýtdy.
Şeýle hem myhman BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek islegini belläp geçdi.
Çeşme: tv.online.tm

«Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärçilikli we yzygiderli çemeleşýäris», - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Tährandaky ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň başlygy, ÝUNESKO-nyň Türkmenistanda we Eýranda wekili Golda El-Huri bilen bolan duşuşygynda aýtdy. Şeýle hem myhman BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek islegini belläp geçdi.

Golda El-Huri Prezidentimize, geçen ýyl ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna üç elementiň – Türkmenistanyň teklip eden türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylyk üçin adaty ýüpek önümçiliginiň, Hoja Nasreddiniň adaty hekaýalarynyň girizilmegi barada üç şahadatnamany gowşurdy.

2.jpg

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Toparynyň ÝUNESKO üçin işjeň ornuna ünsi çekip, ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň başlygy bilen hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdy. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna 30 ýyl bolýandygy bellenildi.

Bu döwürde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy biziň sebitimizdäki täsin taryhy ýadygärlikleriň ençemesi bilen dolduryldy. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklary hökmünde «Görogly» eposy, Nowruz baýramy, «kuştdepdi» aýdymy aýtmak we tans etmek däbi, türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak seneti we bagşy sungaty ykrar edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Golda El-Huri geljekde türkmen halkynyň beýleki sungat we däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň miras sanawyna girizmek, şeýle hem Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri ulgamyna goşmak üçin çärelere garadylar.

Aragatnaşyklary ösdürmekde täze ädim, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO bölümleriniň döredilmegi boldy. Birnäçe orta mekdebi ÝUNESKO bilen baglanyşykly mekdepleriň ulgamyna goşmak boýunça işler geçirildi, iki sany türkmen ýokary bilim mekdeplerinde ÝUNESKO klublary açyldy.

3.jpg

Ýekşenbe güni Aşgabat şäherine gelen Golda El-Huriniň saparynyň çäginde, şol sanda ÝUNESKO-nyň Türkmenistanyň Milli Toparynyň ýerine ýetiriji sekretary bilen Medeniýet ministrliginde, Magtymguly adyndaky TDU-niň ÝUNESKO bölüminde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda birnäçe duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirilýär.

Myhmanyň maksatnamasynda Türkmen halysynyň muzeýine, Şekillendiriş sungaty muzeýine we Türkmenistanyň döwlet muzeýine baryp görmeklik, Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşmak hem bar.

Tährandaky ÝUNESKO-nyň klaster edarasy Eýran, Türkmenistan, Owganystan we Pakistan bilen aragatnaşyk saklamagy maksat edinýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026