HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 15, 2023 | 21:09 |8379
Aşgabatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym
we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO
agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýasynyň
geçirilmegi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri
Bäşimowa we ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory Golda El-
Huri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk, duşenbe güni
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi diýip, Türkmen
Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.Aşgabatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym
we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO
agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýasynyň
geçirilmegi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri
Bäşimowa we ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory Golda El-
Huri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk, duşenbe güni
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi diýip, Türkmen
Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Aşgabatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory Golda El- Huri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk, duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Gepleşiklere gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi çekdiler we taraplaryň konstruktiw hyzmatdaşlygynyň Türkmenistan tarapyndan tassyklanan ÝUNESKO konwensiýalarynda gazanylan oňyn netijelere, şeýle hem taraplaryň arasynda gol çekilen beýleki halkara hukuk resminamalaryna esaslanýandygyny bellediler.

Gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin ýurdumyzyň iki sany ýokary bilim mekdeplerinde – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, işleri Türkmenistanyň Gurama bilen gatnaşygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, ÝUNESKO-nyň bölümlerini açmagyň ähmiýeti bellenildi.

Golda El-Huri, köpmilletli nominasiýalary: «Halkara Nowruz baýramy», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylyk üçin adaty ýüpek önümçiligi», «Hoja Nasreddiniň hekaýalaryny» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek, taýýarlamak we girizmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Dürli ýyllarda Türkmenistanyň birnäçe medeni we taryhy ýadygärlikleri – 1999-njy ýylda – Gadymy Merw, 2005-nji ýylda – gadymy Türkmen şäheri Köneürgenç, 2007-nji ýylda – Parfiýanyň Nisa galasynyň harabalyklary, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026