Teplowizory 500 metrlik dünýädäki ilkinji smartfon satuwa çykaryldy


Goragly smartfonlaryň önümçiligine ýöriteleşen AGM teplowizion kamerasy bolan AGM G2 tapgyryny satuwa çykardy, ol 500 metr uzaklykdaky obýektleri surata almaga ukyplydyr – diýip, ixbt.com. habar berýär.
Täze lineýkada telefonlaryň üç modeli hödürlenýär. 500 metrlik teplowizor (termal şekil) bilen öňderbaryjy wersiýa enjamlaşdyrylandyr, onuň bahasy ABŞ-nyň 860 dollaryna deňdir. Umumy toplumda gijeki ak-gara kamerasy bolan smartfon bardyr, has öňe gideninde bolsa – uzaklygy 50 m ýetýän teplowizor bardyr.
Smartfonlaryň ähli üç modelinde-de çipset Qualcomm Snapdragon 782G, 8/12 GB ОЗУ, 256 GB saklaýjylyk ýady we durulygy 1080 piksele deň bolan 6,58-dýuýmly ekran bardyr.
AGM kompaniýasy öňden bäri goragly smartfonlaryň önümçiligine ýöriteleşýär, olary adatdan daşary şertlerde ulanmak bolýar. Ýöne AGM G2 tapgyrynyň çykmagy bilen firma plankany has hem ýokary göterdi. Indi satyn alyjylar diňe bir tozandan, çygdan we ýere gaçmakdan goraglylyk alman, eýsem telefony aw awlamak, balyk tutmak we beýleki maksatlar üçin ulanmaga mümkinçilik alýarlar.
AGM G2 şeýle hem 5G tory göterýär, bu bolsa ony geljekdäki tehnologiýalara taýyn edýär we ulanyja kontenti tiz ýükläp almaga, onlaýn oýunlary oýnamaga we uly geçirijilik ukubyny talap edýän beýleki funksiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
ORIENT habarlar








