Ärdogan Türkiýädäki prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda sesleriň 49,35% aldy


Türkiýäniň häzirki prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ýurduň içinde býulletenleriň 100% sanalmagynyň netijeleri boýunça sesleriň 49,35% aldy. Ikinji ýerde — oppozisiýadan ýeke-täk dalaşgär Kemal Kiliçdaroglu sesleriň 45% aldy. Üçünji ýerde — «Alýans ATA-dan» dalaşgär Sinan Ogan sesleriň 5,22% aldy.
Ankaradaky dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi edarasynyň öňüne ýygnanan öz tarapdarlaryna ýüzlenip, Ärdogan 14-nji maýdaky Türkiýädäki prezident we parlament saýlawlarynyň demokratiýanyň baýramy bolandygyny beýan etdi.
«Saýlawlarda görkezijilere garamazdan, Türkiýe we onuň halky ýeňiji boldy. 14-nji maýdaky ses berme biziň ýurdumyzyň saýlaw prosessleriniň taryhynda gatnaşylyşy boýunça iň rekordly görkezijileriň biri boldy. Tutuş syýasatda bolunmagyň dowamynda biz halkyň erkine hormat goýduk. Häzirki saýlawlarda-da we mundan beýläkki boljak saýlawlarda hem saýlawçylaryň pikirine hormat goýýarys» - diýip, Ärdogan aýtdy we prezident saýlawlarynda ony goldan her 27 million saýlawça we saýlaw uçastoklaryna gelen ähli 56 million saýlawça minnetdarlyk bildirdi.
ORIENT habarlar








