Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhnamasy hakynda Şertnama girizilmeli düzedişleri ara alyp maslahatlaşýarlar


15-nji maýda türkmen paýtagtynda Halkara demir ýol üstaşyr nurhnamasy hakynda Şertnamanyň (MTT) taraplarynyň wekilleriniň XXXIV Maslahaty açyldy.
Bu gezekki maslahat MTT baradaky resminamany kämilleşdirmäge we işjeňleşdirmäge bagyşlanandyr, ol onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolyp, demir ýol arkaly üstaşyr kadada ýükleri daşamagyň ýeke-täk düzgünlerini we nyrhnamalaryny kesgitleýär.

1997-nji ýylda güýje giren şertnama ulag infrastrukturasynyň ösüşine, ýük akymlarynyň möçberiniň artmagyna, demir ýol ulagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna we şertnama gatnaşýan ýurtlaryň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyga ýardam edýär.
«Bu çäre onuň Türkmenistanda — Demir ýol hyzmatdaşlygy guramasynyň esasy agza-döwletleriniň birinde geçýändigi bilen möhümdir» — diýip, ORIENT üçin DÝHG-nyň ýük daşamalar boýunça toparynyň başlygy Zubaýda Aspaýewa belliklerini aýtdy.

«Ähli gatnaşyjylar bu ýere üstaşyr ýük daşamalarynyň nyrhnamalary bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşmak we ägirt uly Aziýa giňişliginde ýeke-täk nyrhnama düzgünlerini kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar. Bu DÝHG-nyň ähli agza-ýurtlary üçin esasy ähmiýete eýedir. Türkmenistan bolsa — Ýewropadan Aziýa daşamalarda biziň has möhüm strategiki hyzmatdaşymyzyň biridir».

Aspaýewa şeýle hem gün tertibinde bellenilen meseleleriň çözülmeginiň «Demirgazyk-Günorta», «Gündogar-Günbatar» we beýleki halkara ulag geçelgeleri boýunça daşamalaryň möçberiniň artmagyna, şeýle hem daşalýan ýükleriň görnüşleriniň giňelmegine ýardam etjekdigini belledi.
18-nji maýa çenli geçjek maslahatyň birinji gününde taraplar gün tertibini we redaksion toparyň düzümini ylalaşdylar, ol çäräniň Teswirnamasynyň taslamasyny taýýarlar.

ORIENT habarlar








