Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary bilen gepleşikler geçirildi


Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Şenbe güni hytaýly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew bilen duşuşdy.
Taraplaryň 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň döwlet baştutanlarynyň sammitine görýän taýýarlygy boýunça meseleler we bu formatda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça pikir alyşyldy.

“Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösüşini, energiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Bu nukdaýnazardan ýurtlaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarjakdygy nygtaldy" – diýlip, türkmen DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.
Şeýle-de, iki ýurduň halkara we sebit meselelerine garaýyşlarynyň meňzeşligi ýa- da ýakynlygy bellenip geçildi – diýip, daary syýasat edarasy habar berýär.
ORIENT news








