HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen artistleri «Şuşa - Türk dünýäsiniň medeni paýtagty - 2023»-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Maý 13, 2023 | 17:00 |13948
Azerbaýjanyň aýdym aýdýan ýüregi diýlip hem atlandyrylýan Şuşa
şäheri, türk dünýäsiniň medeni paýtagty - 2023 statusyny aldy. Çäräniň
açylyş dabarasy anna güni geçirildi. Guramaçysy hökmünde
Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi we Halkara Türk Medeniýet
Guramasy (TÜRKSOÝ) çykyş etdi diýip, AZERTAC agentligi habar
berýär.Azerbaýjanyň aýdym aýdýan ýüregi diýlip hem atlandyrylýan Şuşa
şäheri, türk dünýäsiniň medeni paýtagty - 2023 statusyny aldy. Çäräniň
açylyş dabarasy anna güni geçirildi. Guramaçysy hökmünde
Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi we Halkara Türk Medeniýet
Guramasy (TÜRKSOÝ) çykyş etdi diýip, AZERTAC agentligi habar
berýär.
Çeşme: azertag

Azerbaýjanyň aýdym aýdýan ýüregi diýlip hem atlandyrylýan Şuşa şäheri, türk dünýäsiniň medeni paýtagty - 2023 statusyny aldy. Çäräniň açylyş dabarasy anna güni geçirildi. Guramaçysy hökmünde Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi we Halkara Türk Medeniýet Guramasy (TÜRKSOÝ) çykyş etdi diýip, AZERTAC agentligi habar berýär.

1-1.jpg

Baýramçylyk dabaralaryna TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýetleri, türki döwletleriň hyzmatdaş guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Soltan Raýew dabarada çykyş edip, «Şuşa – türk dünýäsiniň medeni paýtagty» maksatnamasynyň çäginde ýylyň dowamynda şäherde döredijilik toparlarynyň we türki dilli ýurtlaryň ählisinden sungat işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.

0-1683974242474-1000.webp

Şuşanyň ýerinde TÜRKSOÝ «Gorkut Ata» III film festiwalynyň açylyşy bolar we güýzde Türk dünýäsiniň I Medeniýet forumy geçiriler. Maksatnama noýabr aýynda «Şuşa – medeni paýtagt»-yň ýapylyş dabarasy bilen tamamlanar we estafeta 2024-nji ýylda «Türk dünýäsiniň medeni paýtagty» statusyny aljak Türkmenistanyň Änew şäherine geçiriler.

2015-nji ýylda Mary şäheriniň TÜRKSOÝ-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini ýatladýarys. Änew türk dünýäsi ýylynyň 12-nji paýtagty bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026