Dubaýda «Ýagyş köçesi» açyldy


Özboluşly özüne çekiji ýer – ýakynda Dubaýdaky «Ýewropanyň ýüregi» arhipelagynda ýerleşýän Cote d’Azur Monaco myhmanhanasynda hemişe ýagyş ýagýan köçe açylar. Ygalyň «muşdaklary» her gün ýagyşda ýöräp, iň gowy görýän howa hadysasyndan lezzet alyp bilerler diýip, «Khaleej Times» ýazýar.
«Ýagyş bulwary» binalara gurlan howany gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. «Asmandan» diňe damjalar ýagman, eýsem güýçli ýagyşlar hem başlap biler. Howa 27 dereje, howanyň çyglylygy 60 göterim, şemalyň tizligi sagatda bäş kilometre deň düzülen.
Geljekde taslamanyň awtorlary hatda gar we syrgyny hem wada berýärler. Enjam gün energiýasy bilen işleýär.
Uzynlygy bir kilometre barabar bolan bu köçäni dizaýnerler, fransuz stilinde gyzyl-ak nohut gülli uly bolmadyk tegelek bassyrmalar bilen bezedi. Olar Ýewropanyň bir bölegini we yssy Arabystanyň ýumşak howasyny döretdiler.
«Ýagyş köçesine» diňe Cote d’Azur Monaco restoranly kurort myhmanhanasynyň üsti bilen baryp bolýar. Ýagyşly howadan lezzet almak isleýänler menýudan bir zat sargyt etmeli ýa-da otag kärendesine almaly bolarlar, myhmanhanada ýaşaýanlar bolsa, ýagyşda mugt gezelenç edip bilerler.
ORIENT news








