Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistan Daşkentde Aziýanyň körler birlemesiniň mejlisine wekilçilik etdi

Maý 13, 2023 | 12:23 |7938
Türkmen wekiliýeti Aziýanyň körler birleşmesiniň Daşkentde geçen nobatdaky mejlisine wekilçilik etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.Türkmen wekiliýeti Aziýanyň körler birleşmesiniň Daşkentde geçen nobatdaky mejlisine wekilçilik etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.
Çeşme: uza.uz

Türkmen wekiliýeti Aziýanyň körler birleşmesiniň Daşkentde geçen nobatdaky mejlisine wekilçilik etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.

Türkmenistandaky wekiller bilen bir hatarda duşuşyk dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 60-dan gowrak wekiliýetini ýygnady.

«Çäräniň esasy maksady – körler üçin iş orunlarynyň döredilmegi, täze tehnologiýalar barada habar bermek, olaryň sport bilen meşgullanmagy üçin şertleri döretmek, olaryň hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşmakdyr» - diýip, Özbegistanyň körler jemgyýetiniň başlygy Ergaş Norpulatow özüniň çykyşynda belledi.

Mejlis Birleşmäniň bäş ýylyň dowamynda alyp baran işiniň netijelerini jemledi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar guramanyň täze ýolbaşçysyny saýladylar.

Aziýanyň körler birleşmesiniň esasy wezipesi – körleriň bähbidini goramak, olara sosial goldawy, saglygy dikeltmegi, jemgyýete goşulmagy üpjün etmek, şeýle hem deň hukuklaryň we durmuş mümkinçilikleriniň üpjün edilmegidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026