HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Batyr Nyýazlyýew Russiýanyň DIM-niň baştutany Sergeý Lawrow bilen duşuşdy

Maý 13, 2023 | 12:20 |13576
Moskwada Türkmenistanyň RF-daky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy boldy, onuň barşynda türkmen tarapyna RF-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Iwan Wolynkin bilen tanyşdyryldy.Moskwada Türkmenistanyň RF-daky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy boldy, onuň barşynda türkmen tarapyna RF-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Iwan Wolynkin bilen tanyşdyryldy.
Çeşme: RIA Nowosti

Moskwada Türkmenistanyň RF-daky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy boldy, onuň barşynda türkmen tarapyna RF-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Iwan Wolynkin bilen tanyşdyryldy.

Lawrow Iwan Wolynkiniň RF-nyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde alyp barjak işiniň ýurtlaryň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň ösüşine täze oňyn itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Nyýazlyýew kärdeşini wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik gullugyň täze ýerinde üstünlikleri arzuw etdi – diýip, Russiýadaky türkmen diplomatik wekilhanasy [habar berýär] (https://russia.tmembassy.gov.tm/ru/news/115220).

Diplomatlar ikitaraplaýyn esasdaky, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin apreliň başynda Aleksandr Blohini wezipesinden boşadyp, Iwan Wolynkini Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi edip belledi.

Wolynkin 1959-njy ýylda Moskwada doguldy. 1981-nji ýylda SSSR-iň DIM-niň Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutyny tamamlady (häzirki Russiýanyň DIM-niň MGIMO-sy) we RF-nyň Ýugoslawiýadaky, ABŞ-daky, Gruziýadaky, Makedoniýadaky we Ermenistandaky ilçihanalarynda işledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026