Ilon Mask Twitteriň baş direktoryň wezipesinden gider


Amerikan telekeçisi Ilon Mask Twitteriň mikrobloklar serwisiniň baş direktory wezipesini terk eder. Bu barada ol sosial torlardaky özüniň hasabynda habar berdi.
Wezipesinden gitmeginiň sebäbini we täze direktoryň adyny Mark aýtmady. Kompaniýada Maskyň ýerini zenan eýelejegi mälimdir.
«Takmynan ýene alty hepdeden ol öz borçlaryna girişer» - diýip, işewür ýazdy, özüniň Twitteriň ýerine ýetiriji başlygy we tehniki direktory boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Şeýlelikde, ol programma üpjünçiligine we ulgamyň dolandyryş işlerine gözegçilik eder.
Ilon Mask Twitteri $44 mlrd dollara satyn almak hakynda baglaşan geleşigini geçen ýylyň güýzünde ýapdy. Kompaniýa baştutanlyk etmek bilen, ol sosial toryň syýasatyny üýtgedip başlady – mysal üçin, işgärleriň köp bölegini işden çykardy we monetizasiýa maksatnamasyna badalga berdi. Şu çäreleriň hasabyna Mask özüniň aýtmagyna görä, gymmat alan kompaniýasyna eden çykdajylaryny kemeltmäge synanyşýar.
ORIENT habarlar








