Owganystan TAP taslamasyny ýerine ýtirmek boýunça üçtaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär


Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur TAP (Türkmenistan—Owganystan—Pakistan) elektrik geçirjileriň liniýasy taslamasyny ýerine ýetirmek boýunça üçtaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmegi meýilleşdriýändigini beýan etdi.
Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen gepleşikleriň netijesi boýunça belli boldy – diýip, Bakhtar news habar berýär.
Da Afghan Breshna Sherkat owgan elektrokompaniýasynyň baştutany Mohammad Hanif Hamzanyň hem gatnaşan gepleşikleriniň barşynda taraplar täze elektrik magistralynyň gurluşygyny, şeýle hem Hyratdaky kiçi stansiýanyň gurluşygyny tizleşdirmek üçin duşuşyklary geçirmäge borçlandylar.
TAP başga bir iri taslamanyň — TAPI-niň gaz şahasynyň «hemrasydyr», ol türkmen mawy ýangyjynyň Owganystana, Pakistana we Hindistana eksport edilmegini üpjün eder.
ORIENT habarlar








