Gazagystanyň parlamenti GDA-nyň internetde awtorlyk hukugyny goramak hakynda ylalaşygyny tassyklady


Gazagystanyň ýokarky palatasynyň deputatlary «GDA agza-döwletleriň maglumat-telekommunikasion torlarda awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektine howpsuzlygy we goragy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Kanuny tassyklady. Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy bu kanuny 20-nji aprelde kabul etdi.
Bu ylalaşyga maglumat-telekommunikasion torlarda, şeýle hem GDA agza-ýurtlaryň çäklerindäki internet-resurslarda awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini peýdalanmagyň meselelerini kadalaşdyrmak üçin GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň mejlisinde 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda gol çekilipdi.
Ylalaşyk şeýle hem awtorlyk hukugynyň bikanun ulanylmagyny duýdurmak we onuň öňüni almak boýunça çäreleri işläp düzmegiň we ýerine ýetirmegiň meselelerini, şeýle hem bu babatda Arkalaşygyň ygtyýarlandyrylan edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy kadalaşdyrmalydyr.
Resminama tarapyndan bu ugurdan okuw, usulyýet we ýörite edebiýatyň hemişelik esasda alşylmagy, şeýle hem ylmy barlaglaryň netijeleriniň alşylmagynyň üpjün edilmegi göz öňünde tutulandyr.
Ylalaşygyň taraplarynyň özara gatnaşyklaryny GDA-nyň çäklerindäki intellektual eýeçiligiň hukuk howpsuzlygy we goragy meseleleri boýunça Hökümetara geňeşi utgaşdyrar.
ORIENT habarlar








