Türkmenistan ýaşyl ösüş pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar


Türkmenistan ýaşyl tehnologiýalar babatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar we atmosfera, hususan-da metana parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin amaly çäreleri görýär. Şeýle hem, ýurdumyz wodorod energiýasyny ösdürmegi we bu ugurda işjeň hyzmatdaşlygy maksat edinýär. Bu meseleler 11-nji maý, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanyp geçirilen tegelek stoluň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-iň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň aprelinde Ženewada geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ECE) 70-nji mejlisiniň we BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, milli diplomatik gullugynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa öz çykyşynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagynyň we daşky gurşaw pudagynda innowasion çözgütleriň işlenip düzülmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtady. Olaryň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryny, hususan-da howa boýunça maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly ýurduň milli maksatnamalarynyň we halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek ugrunda häzirki zaman meseleleri, şol sanda durnukly energetika geçişi we pes uglerodly çözgütleri girizmegi, şeýle hem howanyň üýtgemegine, biodürlüligiň ýitmegine garşy göreşmek üçin “ýaşyl” özgertmeleriň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň mejlisine gatnaşmagyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti bu ugurlar boýunça ýurduň giň gerimli we yzygiderli alyp barýan işlerini belläp geçdi, şeýle hem Türkmenistanyň sanlylaşdyrma we ýaşyl tehnologiýalar babatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Çykyşlaryň dowamynda Arkadag şäheriniň sanly özgertmeleriň we "ýaşyl" tehnologiýalary ulanmagyň üstünlikli mysaly bolup biljekdigi bellenildi. Şäherde "akylly şäher" konsepsiýasy we gurluşyk materiallaryny öndürmekden başlap desgalaryň işe girizilmegine çenli döwürde daşky gurşawa zyýanly täsirleri ýetirmezligi üpjün etmek boýunça çemeleşmeler durmuşa geçirildi.
“Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň ählumumy gün tertibindäki ähli möhüm meseleler boýunça, ilkinji nobatda netijeli sanly we “ýaşyl” çözgütleri öňe sürmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga konstruktiw we işjeň gatnaşmaga taýýardygy barada umumy pikiri beýan etdiler” - diýlip, habarda bellenilýär.
ORIENT news








