BMG-nyň Baş Assambleýasy 16-njy maýda Bütindünýä ulag gününde türkmen rezolýusiýasynyň taslamasyna sereder


Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekilhanasy 10-njy maýda wirtual formatda Dostlar toparynyň Durnukly ulag boýunça üçünji mejlisini geçirdi.
Mejlise topara agza ýurtlaryň BMG-nyň hemişelik wekilleri, Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, Durnukly pes uglerodly ulag boýunça SLOCAT hyzmatdaşlygynyň baş sekretary Maruşa Kardama, Global üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara bilim we gözleg torynyň (GSCC) prezidenti Çung Tam gatnaşdy.
Mejlisi açan Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda toparyň içindäki işleriň netijeleri barada habar berdi, şeýle hem BMG-nyň durnukly ulag barada platformasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin öňümizdäki ädimleri we birnäçe teklipleri beýan etdi diýip, türkmen wekiliýetiniň resmi sahypasynda aýdylýar.
Hususan-da, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň indiki hepde, 16-njy maýda geçiriljek umumy mejlisinde, Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Bütindünýä ulag güni» rezolýusiýasynyň taslamasyna serediljekdigi nygtaldy. Ondan soň Baş Assambleýanyň 2023-nji ýylyň noýabr aýynda durnukly ulag boýunça ýokary derejeli mejlisine taýýarlyk görüler.
Igor Runow, esasy wezipesi toparyň agzalarynyň haýyşy boýunça bu pudakda ulag ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy baradaky analitiki materiallary goldamak, taýýarlamak bolan Dostlar toparynyň Durnukly ulag boýunça Konsultatiw geňeşiniň konsepsiýasynyň taslamasyny hödürledi. Mundan başga-da, toparyň agzalary üçin yzygiderli habar býulletenlerini taýýarlamagyň häzirki tejribesini giňeltmek meýilnamalary yglan edildi.
Şeýle hem, toparyň agzalygyny we alyp barýan işleriniň gerimi giňeltmek barada gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda, täze agzalar toparyna – Marokko we Nikaraguanyň girmeginiň ähmiýeti bellendi.
Mejlisiň barşynda wekiliýetler Konsultatiw geňeşini döretmek teklibini goldadylar we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä ulag güni» rezolýusiýasynyň taslamasyna ýakyn wagtda seredilende we şu ýylyň noýabr aýynda Baş sekretaryň ýokary derejeli mejlisine taýýarlyk görlende Türkmenistana berk goldaw berjekdiklerini mälim etdiler.
Wekiliýetiň mejlisiniň çäginde ulag we logistika pudagyndaky kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollary, bu pudakdaky sebitleýin we global päsgelçilikleri azaltmagyň ýollary we ulag ösüşi babatynda BMG-a agza döwletleriň täze başlangyçlar barada yzygiderli pikir alyşmak üçin Toparyň işini hasam giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.
Toparyň indiki mejlisi 2023-nji ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär.
ORIENT news








