Pariždäki Olimpiýa obasynyň naharhanasynda türgenlere dürli tagamlaryň 500-si hödürlener
Maý 11, 2023 | 19:43 |8820


Parižiň Olimpiýa obasyndaky naharhanasynyň nahar sanawynda dürli tagamlaryň 500-den gowragy bolar, olaryň her biri aýratyn berhizleri, iýmit endiklerini we dini ynançlary göz öňünde tutmak bilen işlenip düzüldi – diýlip, Inside the Games portalynda ýerleşdirilen habarda bellenilýär.
Naharhana 3500 orunlyk, tagamlaryň bolsa her gün 40,000-e golaýy taýýarlanylar. Şeýle hem Olimpiýa obasynda fransuz bagetleri, kruassanlar we beýleki konditer önümleri bişirilip, ýaşaýjylara ýetiriler.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli dowam eder.
ORIENT news








