BOMKA Merkezi Aziýanyň zenan-döwlet gullukçylarynyň arasynda bäsleşik geçirýär


20 ýyllyk ýubileýe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek Maksatnamasy (BOMKA 10) Maksatnamanyň hyzmatdaş-edaralarynyň döwlet gullukçylarynyň arasynda zenanlaryň üstünliginiň hekaýasy bäsleşigine badalga berýär. Bu barada BOMKA-nyň saýtynda habar berilýär.
Serhetlere gözegçilik etmek we dolandyrmak; resminamalaryň howpsuzlygy, barlagyň usullary; adam söwdasyna we bikanun migrasiýa garşy göreşmek; serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek, kinologiki gulluk, gümrük, weterinar we fitosanitar dolandyryş we düzgünleri; serhetýaka jemgyýetleriň durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly ugurlarda işleýän zenanlar bäsleşige gatnaşyp bilerler.
Gyzyklanýan taraplar degişli anketany doldurmaly we ony bomca-communications@icmpd.org elektron salgysyna «Üstünligiň hekaýasynyň bäsleşigi» diýen bellik bilen 31-nji maýa çenli ugratmaly. 30 sany iň gowy hekaýanyň awtorlary fotosessiýa çagyrylarlar we 2 sany professional surat alarlar. Olaryň hekaýalary bolsa Maksatnamanyň saýtynda «Merkezi Aziýany emele getirýän görnükli zenanlar» onlaýn sergisiniň çäklerinde çap ediler.
Sergi sebitde serhetüsti hyzmatdaşlygyň howpsuzlygyny, durnuklylygyny we netijeliligini gazanmakda zenanlaryň gymmatly goşandyny beýan eder, şeýle hem beýleki zenanlar üçin ylham bolup hyzmat eder.
ORIENT habarlar








