ÝB-niň wekili Balkan welaýatynyň häkimligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy


ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Birinji maslahatçysy Renata Wrobel Balkan welaýatyna eden saparynda welaýatyň häkiminiň orunbasary Bahar Amanmyradowa we Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Gurbansoltan Amanowa bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar konstruktiw hyzmatdaşlygy öňe sürmegiň möhüm guraly bolup hyzmat edýän ikitaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň barşynda taraplar uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň hereket edýän bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde netijeli ösýändigini nygtadylar. Bu ýyl bolsa Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýylygy bellenilýär.
Renata Wrobeliň belläp geçişi ýaly, şunuň bilen baglylykda ÝB medeniýet, sport, saglygy goraýyş we raýat jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk babatynda diplomatik gatnaşyklary ösdürmegi meýilleşdirýär.
Duşuşyk tamamlanandan soňra taraplar ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar.
Artur PETROSÝANS








