Emomali Rahmon: güýzde Täjigistanda geçiriljek Merkezi Aziýa we AHHG sammitlerinde Türkmenistanyň Prezidentine garaşýarys


Täjigistan tarapy, ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlykda täze sahypa açýan Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berýär. Bu beýanat Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan metbugata berdi.
«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç bilen biziň gepleşiklerimiz konstruktiw we ynamly ýagdaýda geçirildi. Boz äshli derejelerde yzygiderli syýasy gepleşik geçirmegiň möhümdigini belledik. Şeýle hem, soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklarynyň güýçlenmegini makulladyk. Söwda we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň ösdürmegiň möhümdigini belledik»,-diýip täjik lideri çarşenbe güni köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
Emomali Rahmon, iki ýurduň hökümetleriniň ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan ýokarlanmagy üçin degişli teklipleri taýýarlajakdygyny we hödürlejekdigini aýtdy. Gepleşikleriň dowamynda senagat hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilendigini we 2025-nji ýyla çenli döwürde oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin «Ýol kartasy»-nyň kabul edilendigini nygtady.
Täjigistanyň prezidenti ileri tutulýan ugurlaryň arasynda ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegine ünsi çekdi. «Ýurdumyzyň çäginden awtoulag we demir ýol arkaly ýük daşamagyň mukdary artar. Şu maksat bilen, şu gün ýük gatnawyny has-da ýokarlandyrmak hem-de multimodal daşamalary güýçlendirmek üçin bilelikdäki çäreler meýilnamasy (ýa-da «Ýol kartasy») kabul edildi»,-diýip döwlet Baştutany aýtdy.
Şeýle hem Rahmon, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurluşygynyň başlandygy barada aýtdy. «Bu mekdep türkmenler tarapyndan gurlar we dogan halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrüler»,-diýip Prezident belledi.
Ol sebit howpsuzlygy, täze kynçylyklara we howplara garşy durmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda taraplaryň ýörite hyzmatlaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşandygyny aýtdy.
Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşyldy. Täjigistan bilen Türkmenistanyň ýakyn goňşulary hökmünde bu ýurtda uzak möhletli parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmaga tüýs ýürekden gyzyklanýandyklary nygtaldy.
Şu ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde iki sany ýokary derejedäki sammiti - Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy we Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň geçirilmegi üçin taýýardyklary bellendi.
«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiçiň güýzde Täjigistanda bu çärelere gatnaşmagyna garaşýarys»,-diýip Emomali Rahmon sözüni jemledi.
ORIENT news








