Uruş ýyllarynda bişişen doganlyk: Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda baýramçylyk kabul edişligi


9-njy maý, Ýeňiş güni Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy baýramçylyk kabul edişligini geçirdi, oňa weteranlar, diplomatlar, ýerli we ýurtda akkreditlenen daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri we beýleki myhmanlar çagyryldy.
Russiýa tarapyndan işi wagtlaýyn ynanylan Petr Şşukin ýygnananlary mübärekläp, Türkmenistanyň Ýeňişe goşan goşandyny belläp geçdi. Bu frontda söweşen türkmenistanlylaryň edermenligi we Türkmenistanyň front çäklerinden ewakuasiýa edilen goranyş önümçilik desgalaryny özünde jemläp, tyl üpjünçiliginde bitiren ägirt uly hyzmatlarydyr.

“Uruş döwründe türkmen halky müňlerçe ewakuasiýa edilen raýatlary tüýs ýürekden kabul etdi, olaryň köpüsi bu ýerde ikinji watany hökmünde orun aldy, mesgen tutdy. Uruş ýyllarynda taplanan halklarymyzyň doganlygynyň Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn" – diýip, Şukin aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew 300 000 töweregi türkmen raýatynyň, esgerleriniň we ofiserleriniň Sowet Soýuzynyň beýleki halklarynyň wekilleri bilen egin-egne berip, Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşendigini aýtdy. Olaryň üçden bir bölegi söweş meýdanynda wepat boldy. 78 müň esger ordenler we medallar bilen sylaglandy, 100-den gowragyna Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen hormatly at dakyldy.

Şeýle hem, ol uruş ýyllarynda Türkmenistandan 7,5 tonna kümüş we altynyň Goranyş gaznasyna geçirilendigini, bu tutuş Soýuz boýunça toplanan ähli gymmat bahaly metallaryň 80%-ini tutýandygyny aýtdy. Tabşyran şaý-seplerden tank kolonnalarynyň 5-si we söweş uçarlarynyň 7 eskadrony guruldy.

Hajyýew: "Biz mundan beýläk hem Beýik Watançylyk urşunyň pajygaly ýyllarynyň taryhy ýadygärligini gorap saklamak üçin çäreleri görmegi dowam etdireris" - diýdi.
ORIENT news








