Türki dilli döwletleriň Geografiki geňeşi döredildi


Özbegistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň geografiki jemgyýetleri Daşkentde türki dilli döwletleriň Geografiki geňeşini döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler – diýip, Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.
Geňeşiň döredilmeginiň maksady — türki dilli ýurtlaryň ylmy-barlag institutlarynyň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň, şol sanda geografiýa babatynda nazaryýet ýa-da amaly işler bilen, ülkäni öwrenmek we beýleki garyşyk ylymlar bilen meşgullanýan guramalaryň we edaralaryň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekdir.
Resminama şeýle hem jemgyýetçiligiň geografiki we ekologiki bilimlerini pugtalandyrmak, öňdebaryjy ylmy pikirleri we üstünlikleri dünýä ýaýmak boýunça bilelikdäki işi göz öňünde tutýar.
Täze düzmiň baş sekretary edilip Özbegistanyň Geografiki jemgyýetiniň ýolbaşçysy Oýbek Norinboýew üç ýyl möhlete saýlandy. Geňeşiň ştab-kwartirasy Daşkentde ýerleşýär. Täze geňeş ylym, bilim, ekologiki bilim, ykdysady çemeleşme, medeniýet we syýahatçylyk babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly dürli halkara taslamalaryna gatnaşar.
«Döredilen geňeş ylmy-barlaglary geçirmäge we agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde geografiýa babatynda innowasiýalary, ylmy täzelikleri alyşmaga badalga berler. Howanyň üýtgemeginiň tebigy we sosial gurşawa ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça ylmy iş geçiriler» - diýip, Özbegistanyň Geografiki jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Şawkat Şaripow belledi.
ORIENT habarlar








