HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen sazandalary Özbegistanda bagşyçylyk sungatynyň Halkara festiwalynda çykyş etdiler

Maý 09, 2023 | 17:05 |9601
Türkmenistanly sazandalar 30-dan gowrak ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde Özbegistanyň Syrdarýa welaýatyndaky Gülistan şäherinde bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalyna gatnaşdylar.Türkmenistanly sazandalar 30-dan gowrak ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde Özbegistanyň Syrdarýa welaýatyndaky Gülistan şäherinde bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalyna gatnaşdylar.
Çeşme: uza.uz

Türkmenistanly sazandalar 30-dan gowrak ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde Özbegistanyň Syrdarýa welaýatyndaky Gülistan şäherinde bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalyna gatnaşdylar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Garýagdy Saryýew türkmen halk ýerine ýetirijilik sungatynyň ussatlygyny görkezdi.

«Men dünýäniň köp ýurtlarynda boldum, halkara bäsleşiklerine gatnaşdym. Hemişe doganlyk Özbegistana baryp görmegi arzuw edýärdim, ynha arzuwym hasyl boldy. Ajaýyp şäher Daşkendi, soňra — Gülistany gördüm, bu ýerde eýýäm birnäçe gün bolýaryn. Bu ýerde özümi edil Watanymdaky ýaly erkin duýýaryn. Dil, din, ýaşaýyş ýörelgesi — birmeňzeş» - diýip, UzA agentligine beren interwýusynda Saryýew öz täsirlerini paýlaşdy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan badalga berlen festiwal bagşyçylyk sungatyny gorap saklamaga, ösdürmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilendir.

«Dilden aýdylýan halk döredijiliginiň başynda durýan bagşyçylyk sungatynyň manysy, ilkinji nobatda, onuň adamynyň içki dünýäsini açyp, onuň asylly duýgularyny we hilini beýan edýänligindedir. Häzirki ýönekeý bolmadyk döwürde bu aýdym-sazlaryň durmuşy tassyklaýan ýaňlanmasy adamyň köküniň birdigine düşünmäge mümkinçilik berýär, ýer ýüzündäki ähli ýurtlary we halklary ylalaşykda, dostlukda we hyzmatdaşlykda ýaşamaga çagyrýar» – diýlip, festiwala gatnaşyjyara iberen gutlagynda Şawkat Mirziýoýew belledi.

Çäräniň maksatnamasy baýramçylyklary, Surhandarýanyň Sungat köşgüniň meýdançasynda teatrlaşdyrylan görkezişleri, bagşyçylyk sungatynyň taryhyna bagyşlanan sergileri we başga-da köp zatlary öz içine alýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026