Türkmenistan we BMG DÖM maliýeleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň ýedinji mejlisi boldy. Toparyň agzalary Türkmenistanda DÖM-ny maliýeleşdirmegiň Toplumlaýyn milli mehanizmleriniň ýerine ýetirilmegindäki ýetilen ösüşe garadylar we ýurtda ösüşi maliýeleşdirmäge baha bemegiň netijelerine laýyklykda geljekki hereketleriň meýilnamasyny kesgitlediler.
Duşuşygyň çäklerinde maliýeleşdirmegiň Toplumlaýyn milli mehanizmleriniň maliýe strategiýalaryny işläp taýýarlamak we DÖM-na ýetmegiň mümkin bolan çaltlaşdyryş usullary boýunça ädimleýin gollanma hödürlendi.
Bilermenler ýurtda DÖM-ny maliýeleşdirmek üçin gyzyklanýan taraplaryň has giň toparlaryny bu işe çekmegiň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini, şeýle hem Döwlet ösüş bankyny topara birikmäge çagyrmagy teklip etdiler.
Maliýeleşdirmegiň Toplumlaýyn milli mehanizmleri dört sany düzüm bölegini emele getirijileriň kömegi bilen işlenip düzülýär we ýerine ýetirilýär: baha bermek we barlamak, maliýeleşdirmegiň strategiýasy, monitoring we syn, dolandyryş we utgaşdyrmak. Maliýeleşdirmegiň Toplumlaýyn milli mehanizmleri ýurtlara serişdeleri has takyk we hemmetaraplaýyn yzarlamaga we maliýe serişdelerini olaryň has gerekli bolan ugurlaryna gönükdirmäge mümkinçilik berýärler.
ORIENT habarlar








