Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Ýeňiş gününe bagyşlanan ýörişe we näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýmak dabarasyna gatnaşdy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli Gyzyl meýdançada guralan ýörişe gatnaşdy. Ýöriş başlamazdan ozal Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa sapar bilen gelen daşary ýurt döwlet ýolbaşçylaryny Kremlde garşy aldy.
Kremle Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan hem geldi.

Soňra Russiýanyň Prezidenti Gyzyl meýdançadaky merkezi tribunadan ýeňiş ýörişini kabul etdi. GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary onuň bilen bilelikde goşunlaryň dabaraly geçişine tomaşa etdiler.
“GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň şu gün Moskwa ýygnanmagy örän möhümdir. Şeýlelikde, biz ata-babalarymyzyň edermenligine minnetdar garaýşymyzy görkezýäris, olar bilelikde söweşip, bilelikde ýeňiş gazandylar, umumy ýeňişe SSSR-iň ähli halklary öz goşandyny goşdy" – diýip, Russiýanyň Döwlet baştutany ýörişde eden çykyşynda aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem türkmen halkyna baýramçylyk ýüzlenmesinde bu barada belledi: “ Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular”.
Ýeňiş güni mynasybetli Gyzyl meýdançada guralan ýöriş tamamlanandan soňra ýokary derejeli wekiliýet agzalary Wladimir Putin bilen bilelikde Aleksandrow bagyna baryp, ol ýerde näbelli esgeriň guburyna gül goýdular.

ORIENT news








